Taslamalar

Uniwersal orta ölçegli eksport gutysy

Ýeňillik
  • Ölçeg 30*40*14 sm
  • Polipropilenden ýasalanda gutynyň agramy bary-ýogy 300 gram, gaýtadan işlenen materiallary ulananylanda 340 gram çäklerinde bolýar
  • Ýeňil agram
  • Ýükleriň maksimal mukdaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän sowadyjy awtoulaglar üçin gutynyň iň amatly ölçegleri
Çydamlylyk
  • Uzak ýolda ýükleriň maksimal mukdaryna çydamly berk gurluş
  • Gurluş her gutuda 7 kg agramly ýükler bilen ýüklenende 20 setir gelýän dürli beýiklikdäki nätekizliklerde ýol sarsgynlaryna çydaýar! Ýük awtoulaga 18 hatara çenli beýiklikde ýerleşdirilip bilner.
Önümiň howpsuzlygy
  • Öňki gutulardaky ýaly ýiti we kesiji burçlary bilen pomidorlara zeper ýetirmezligi üçin gutynyň hemme gapyrgajyklary iç tarapa güberçek şekilde edilen.
  • Gutydaky oba hojalyk önümine gowy şemallaýar, bu bolsa gutynyň tutuş göwrüminde birmeňzeş temperaturany üpjün edýär hem-de önümiň saklanyş möhletini uzaldýar.
Tanalmak
  • Gapdallarynda uzynlygyna Türkmenistandan ähli öndürijileri umumy marka bilen birleşdirýän we harytlaryň gelip çykyşy barada maglumat berýän“Turkmenistan, Fruits and vegetables” diýen ýazgy ýerleşdirilen.
  • Gysga gapdal tarapynda öndürijiniň belligi üçin tekiz çyzyk ýerleşdirilen.