SEDiR FOREIGN TRADE LLC

Hytaýyň iri kompaniýasy “Guangdong Yizumi Precision Injection Molding and Die Casting Technology Co.LTD”-yň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky resmi we aýratyn distribýutory we tassyklanan hyzmat merkezi.

Biz barada

Özbegistanyň “Sedir Foreign Trade” LLC kompaniýasy dürli polimerlerden önüm öndürmek üçin ýokary takyklykly basyş güýji bilen guýujy enjamlaryny (termoplastawtomatlar) öndürýän Hytaýyň öňdebaryjy ornuny buýsanç bilen eýeleýän iň iri bolan “Guangdong Yizumi Precision Injection Molding and Die Casting Technology Co.LTD” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda resmi we aýratyn distribýutory bolup durýar.

“YIZUMI” kompanýasy 20 ýyldan gowrak wagt bäri guýujy maşynlarynyň innowasiýasy we önümçiligi bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda, kompaniýanyň baý tejribesi bilen, YIZUMI kompaniýasy dünýä boýunça 8 zawody işletmek bilen (umumy önümçilik meýdany 600 000 inedördül metrden gowrak) we Germaniýada, Hytaýda, Hindistanda şeýle hem Braziliýada 6 innowasiýa merkezi bilen IMM pudagynda dünýä belli marka boldy.

YIZUMI hakda has giňişleýin öwreniň→

YIZUMI UN-SK II TERMOPLASTAWTOMATLAR

YIZUMI UN-A5 TERMOPLASTAWTOMATLAR

YIZUMI PAC TERMOPLASTAWTOMATLAR

Maksatlar we wezipeler

Esasy maksat – müşderiniň işiniň üznüksiz gitmegini gazanmak, önümçiligi we hili ýokarlandyryp biljek tehniki we tehnologiki täzelikler bilen üpjün etmekdir. Çünki müşderiniň üstünlikli işi bu biziň üstünligimizdir!

Özbegistan “Sedir Foreign Trade” LLC Merkezi Aziýa ýurtlarynda – Özbegistanda, Gazagystanda, Türkmenistanda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda guýujy enjamlaryny satyn alyjylara guramaçylyk, maslahat beriş we tehniki kömek bermek üçin dürli wekilhanalary gurnaýar. Ýokarda ady agzalan ähli ýurtlardaky wekillerimiz enjamlaryň iň amatly görnüşini we olaryň periferiýa enjamlaryny saýlamaga kömek eder.

Özbegistanda gurlan Tehniki Kömek Merkezi:         

  • Öndürijilere öz maksatlary üçin iň oňat enjamlary saýlamak üçin tehniki maslahat berýär, müşderiler tarapyndan öndürilýän önümiň parametrlerini iň baý maglumatlara esaslanyp kesgitlemäge kömek edýär.
  • Enjamyň işini iş ýerinde gurnalan sergi otagynda görkezip biler
  • Önümçilik ýerine baryp görmek bilen hyzmatlary hödürleýär (gurnamak, sökmek, anyklaýyş, amaly hyzmat, kepilli abatlaýyş we ş.m.)
  • Müşderiniň işgärlerini gönüden-göni önümçilik ýerinde taýýarlamaga mümkinçilik berýär
  • Ätiýaçlyk şaýlary we esbaplar üçin ammary bar

24/7 ARAGATNAŞYK ÜÇIN AÇYK !

SORAGLARYŇYZ BARMY? BIZE JAŇ EDIŇ!

+998 93 622 2266